Top.Mail.Ru

Arhiw

«Nejep oglan» türkmen filmi Stambulda geçirilýän festiwala gatnaşýar

20:1731.10.2021
0
16133

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi, režissýor Wepa Işangulyýewiň «Nejep oglan» atly filmi 8 — 12-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek «Gorkut at Bütindünýä türk film festiwaly» atly gözeden geçirilişiň bäsleşik meýilnamasyna girizildi.

Festiwalyň çäginde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tatarystandan we türk dünýäsiniň beýleki ýurtlaryndan barjak kinematografçylar taryhy we häzirki zaman fantastikasy žanrynda surata düşürilen iň oňat eserlerini, resminamalaýyn multipikasion filmlerini görkezerler.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen «Nejep oglan» filmi ilkinji gezek geçen ýyl Aşgabatda görkezilip, gysga wagtda halk köpçüliginiň söýgüsine mynasyp boldy. Dutar sazy bilen göwün hassalygyny bejerýän gudratly güýje eýe bolan ýaş bagşynyň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berýän adybir gadymy epos alnypdyr.

Bu film arkaly Türkmenistanyň kino sungatynyň uly ösüşlere ýetendigini görmek bolýar. Teatr sahnalarynda hem sahnalaşdyrylan «Nejep oglan» dessanynyň çeper film esasynda surata düşürilmegi türkmeniň saz sungatynyň gudratdygyny halk köpçüligine çeper beýan edilmegine uly mümkinçilik döretdi.

Belläp geçjek bu filmiň käbir sahnalary, esasan hem, Nejebiň öweý kakasy Elbent bagşy bilen hanyň köşgündäki dutar çalmak bäsleşigi tomaşaçylary özüne bendi edýän bolsa gerek.

«Nejep oglan» filmi has ýagty we göwrümli görkezýän 4K formatynda innowasion enjamda düşürildi. Taryhy döwri ygtybarly beýan etmek üçin kino işgärleri Türkmenistanyň taryhy we mukaddes ýerlerine uzak saparlara gitdiler, şonuň üçin filmiň köp bölegi Köneürgençde, Köýtendagda tebigy şertlerde surata düşürildi.

Bu filmde Aşyk Aýdyň piri keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew, Aşyk Aýdyňyň sopusynyň keşbinde Sahysalyh Baýramow, Nejep oglanyň çagalygynyň keşbinde Mekan Amanow, ýigitliginiň keşbinde bolsa Söhbet Annamyradow, Mylaýym hanyň keşbinde Mähri Aýdogdyýewa, Elbent bagşynyň keşbinde Döwlet Hanmämmedow, Horezm hanyö keşbinde bolsa Şirli Mollaýew çykyş edýär.

Belläp geçsek, «Nejep oglan» filmiň edebi esasyny ýazan Gowşutgedi Daňatarow, goýujy režissýor Wepa Işangulyýew, kino goýujy operator Nurmuhammet Borjakow, goýujy suratkeş Baýram Patyşagulyýew, kinorežissýor Eziz Işangulyýew, filmiň gurnaýjysy bolsa Allamyrat Kerimowdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň