Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gazagystandan Internet alyp başlar

16:3726.10.2021
0
18174
Türkmenistan Gazagystandan Internet alyp başlar

Ýakyn geljekde Türkmenistan Gazagystanyň bir prowaýderiniň üsti bilen hem Internet hyzmatlaryny alyp başlar.

Bu barada goňşy döwletiň Lideri Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Jusan Mobile» (Gazagystan) kompaniýasynyň arasynda kabel serhet geçelgesini we telekommunikasiýa ulgamlaryny gurmak niýeti barada Şertnama baglaşyldy. Bu barada «Jusan Mobile» paýdarlar jemgyýetine salgylanmak bilen informburo.kz habar berýär.

Häzirki wagtda «Jusan Mobile»-iň dört döwletde 18 halkara operatory bilen eýýäm 7 halkara baglanyşygy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň