Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kanadaly alymlaryň täze oýlap tapyşy smartfonlaryň ekranlarynyň berkligini üpjün eder

12:4323.10.2021
0
4351

Smartfonyň ekranyndaky aýnanyň döwülmegi kanadaly alymlaryň täze oýlap tapyşynyň, ýagny aýnanyň asylky durkuny özbaşdak dikeldýän polimer süýümleriniň ulanylmagy bilen özbaşdak bejerilme ýagdaýyna eýe bolar. Esoreiter.ru saýtynda bellenilişine görä, nou-hau synaglary jemleýji tapgyrda dowam edip, bu mowzuk boýunça materiallar ACS Nano portalynda çap edildi.

Taslamanyň ýolbaşçysy Twinkal Patel materialyň netijeli işlemegi üçin önümiň mehaniki we dikeldiş häsiýetleriniň arasynda deňagramlylygyň bolmalydygyny aýdýar. Kanadanyň bu işläp taýýarlamasynyň özboluşly aýratynlygy materialyň otag temperaturasynda döwülmeleri we çyzylmalary tekizlemek ukybydyr.

Alymyň pikirine görä, täze smartfonlaryň, telefonlaryň we displeýli beýleki elektronika enjamlarynyň ekranyny polimerden öndürmek amatly bolar. Täze oýlap tapyşyň awtorynyň belleýşi ýaly: “Polimer süýümleriniň ulanylmagynyň netijesinde döwlen aýnany bejermäge zerurlyk bolmaz, şeýlelikde bolsa enjamlaryň berkligi ýokarlanar”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň