Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlyk täze tapgyra çykarylar

20:1610.10.2021
0
6295

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyň Italiýanyň Medeniýet ministriniň diplomatik geňeşçisi Paolo Tosçi bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda gazanylan medeniýet pudagyndaky ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ara alyp maslahatlaşypdy.

Taraplar türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny wagyz etmek, türkmen halkynyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan dürli sergileri we konferensiýalary geçirmek we Türkmenistanda we Italiýa Respublikasynda bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin dürli taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda medeni gepleşikler boýunça iş toparynyň ilkinji ýygnagyny guramak barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň