Lebap welaýatynyň «Ýunus daýhan» daýhan hojalygynyň bagbanlary 10 gektar ýerden bol hasyl alyp, guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Bu barada "Jeyhun.news" habar berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Ýunus Abdyllaýewiň ýetişdirýän almalary eýýäm içerki bazarlarymyza giňden ýaýrap başlady. «Rysgal» gazetiniň ýazmagyna görä, telekeçi ekin ýerinden 50 tonna hasyl almagy başardy. Hasylyň bu mukdaryny almak üçin ol 25 müň düýp alma nahalyny oturtdy. Ol geljekde miwe önümçiliginiň gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.