Soňky habarlar

Arhiw

Diplomat Çynar Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly at dakyldy

23:0925.09.2021
0
8467
Diplomat Çynar Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly at dakyldy

25-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlsiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly at dakyldy we «Altyn Aý» – aýratyn tapawutlandyryş medaly bilen sylaglandy.

Çynar Rustemowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alan ýyllarynda başlap, ilkinji türkmen zenan diplomatlarynyň biridir. Ol dürli ýyllarda Türkmenistanyň Täjigistan, Hytaý, Mongoliýa, Demirgazyk Koreýa we Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işläp, ýurduň daşary syýasatyny we diplomatiýasyny ösdürmekde, döwletleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly işleri bitirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň