Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» hususy kärhanasy deriden taýýarlanan täze gapjyklaryň we ýantorbalaryň önümçiligine başlady

15:2408.09.2021
0
9333

Kärhana «Röwşen» haryt-nyşanly täze önümleriň ― deriden taýýarlanan gapjyklaryň, ýantorbalaryň we açarlyklaryň önümçiligine başlady. Bu önümleriň nusgawy biçüwde taýýarlanylmagy olaryň salyhatlylygyny artdyrýar. Täze önümler üçin çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa deriden peýdalanylýar.

«Röwşen» kärhanasynyň täze önümleri eýýäm söwda dükanlarynda alyjylara hödürlenilýär. Mundan başga-da, kärhana deriden taýýarlanylan, çagalar we uly adamlar üçin niýetlenilen aýakgaplary öndürýär.

2003-nji ýylda döredilen kärhana içerki bazarda müşderileriň uly islegine eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli çäklerinde kärhananyň 30-a golaý söwda dükanlary hereket edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň