«Röwşen aýakgaplary» kompaniýasy internet-söwda hyzmatyny ösdürýär

09:5207.09.2021
1
14852

Türkmenstanda ýokary hilli deriden aýakgap önümlerini taýýarlaýan «Röwşen aýakgaplary» kärhanasy önümleriniň satuwyny resmi saýtynyň üsti bilen hem amala aşyrýar. Saýt rowshen.com.tm salgysynda ýerleşýär.

Bu çäre müşderileri dürli ýokanç kesellerden goramak maksady bilen geçirilýär. Şeýlelikde, aýakgap satyn almak üçin ony Internet arkaly sargyt etmek ýeterlikdir. Kärhana müşderilerine aýakgaplaryň dürli görnüşleriniň ― erkekler, zenanlar we çagalar üçin aýakgaplaryň bardygyny ýatladýar. Aýakgaplary resmi web saýtdan gönüden-göni sargyt edip bolar.

Töleg üçin nagt we nagt däl hasaplaşyklaryň ählisi hem kabul edilýär.

«Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň häzirki wagtda ýurduň ähli welaýatlarynda, şol sanda Mary, Aşgabat, Tejen, Kerki, Daşoguz, Türkmenbaşy, Türkmenabat we beýleki şäherlerinde 30 söwda nokatlary hyzmat edýär.

«Röwşen» öz müşderileriniň aladasyny edip, amatly söwda gurşawyny döretmäge çalyşýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň