Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen aýakgaplary» saýtynyň bezegi täzelendi

14:5306.09.2021
0
8608

«Röwşen aýakgaplary» kärhanasy deri çig malyndan döwrebap aýakgaplary öndürmekde ýurtda öňdebaryjy hökmünde özüni tanatdy. Kärhana tarapyndan alyjylara zenanlar, erkekler hem-de çagalar üçin niýetlenilen aýakgaplaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

2003-nji ýylda döredilen bu aýakgap kärhanasy öz önümçiligini yzygiderli giňeldýär. Bu bolsa kärhanada döwrebap tehnologiýalardan we aýakgaplaryň çylşyrymly bezegli görnüşlerini öndürmäge laýyk gelýän çig maldan peýdalanylýandygy bilen baglydyr.

Alyjylara döwrebap hyzmaty ýola goýmak maksady bilen ýakynda kärhananyň web-saýtynyň bezegi täzelendi we kämilleşdirildi. Oňa müşderileriň gerekli ölçegdäki, reňkdäki, bahadaky aýakgaplary gözlemeginde ýeňillik döredýän «süzgüç» («фильтр») funksiýasy hem-de harytlaryň derejeleri girizildi. Şeýle hem ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän bank kartlaryndan onlaýn töleg geçirmäge mümkinçilik döredildi. Saýt arkaly harydy islendik salga sargyt edip getirtmek hem mümkindir.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Röwşen aýakgaplary» kärhanasy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dükanlarynda we söwda nokatlarynda öz harytlaryna arzanladyş yglan edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň