Türkiýede «Magtymgulynyň diwanyndan ýygyndylar» atly täze kitap çapdan çykdy

20:2628.08.2021
0
16207

Türkiýede görnükli alymlaryň, edebiýaty öwrenijilerdir taryhçylaryň gatnaşmagynda «Magtymgulynyň diwanyndan ýygyndylar» atly täze kitap çap edildi. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny has içgin öwrenmek maksady bilen neşir edilen kitap akyldaryň adyny göterýän bilim geňeşi tarapyndan taýýarlanyldy. Bu barada turkmenistan.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Türk dilinde neşir edilip, 410 sahypadan ybarat bolan täze ýygyndyda Magtymgulynyň paýhasly sözleridir jümleleri, maslahatlary beýan edilýär. Ylmy-barlag işiniň birinji bölüminde beýik şahyryň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlar jemlenen. Magtymgulynyň diwanyndan paýhasly setirler hem-de olarda duş gelýän metaforalara düşündirişler ikinji bölümde ýerleşdirilip, dünýä belli edebiýaty öwrenijileriň, şahyrlardyr döwlet we syýasy işgärleriň, alymlaryň Magtymguly hakyndaky aýdanlary kitabyň soňky bölüminde beýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, Magtymguly Pyragy adyndaky bilim jemgyýeti şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýanynda 2013-nji ýylyň maýynda döredildi. Onuň maksady dostlukly Türkiýede türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyraga degişli maglumatlary ylmy taýdan öwrenmek hem-de döredijiligini dünýä jemgyýetçiliginde wagyz etmekden ybaratdyr.

2024-nji ýylda Türkmenistan görnükli filosofyň 300 ýyllyk ýubileýini giňden bellär. Onuň ähmiýetini artdyrmak maksady bilen, şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda degişli Karara gol çekdi we ýörite guramaçylyk topary döredildi. 2024-nji ýyla çenli Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak maksady bilen, akyldar şahyryň ömrüne we döredijilige bagyşlanan «Magtymguly Pyragy portalyny» döretmek, şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän sanly we görnüşdäki «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», akyldar şahyryň has doly we kämil görnüşdäki «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak, onuň döredijiligine degişli ylmy işlerdir dokumental filmleri, telegepleşikleri yzygiderli taýýarlamak we başga-da ençeme çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň