Aşgabatdaky «Bossan Flora» dükanynda «Real Touch» hilli güller bar

13:2325.08.2021
0
6650

Aşgabatdaky «Bossan flora» dükanynda bar bolan «Real Touch» gülleri bilen agşamky toý dabaralary, baýramçylyklar, oturylyşyklar bezeler.

«Real Touch» gülleri hakyky sungat eserleridir we olary tebigy güllerden tapawutlandyrmaklyk gaty kyndyr, sebäbi häzirki zamanyň ekologiýa taýdan arassa polimerlerinden – lateks, silikon, mata, poliuretan we hatda taktil ýaly esbaplaryndan ýasalan güller hakyky tebigy güllere meňzeýär.

Her bir gül janly ösümligiň her bir jikme-jik esaslaryny – gül ýapraklarynyň näzikliginden ýapraklarynyň digir-digirligine çenli gaýtalap, ýörite tehnologiýa arkaly döredilýär.

«Bossan flora» dükany belli bir waka üçin gül saýlamaga ýa-da ýurdumyzda islenýän we gabat gelýän kompozisiýany düzmäge kömek eder. «Real Touch» gülleriniň hakykatdan-da, agşamky toý dabaralarynyň myhmanlarynyň ählisinde özüne çekijilik we haýran edijilik bilen täsin täsir galdyrjakdygyna şek-şübhe bolup bilmez.

«Real Touch» gülleriniň uzak wagtlap kaşaň görnüşini saklamaklygy üçin, olara dogry ideg etmeklik zerurdyr. Hususan-da, bu güllerden tozany aýyrmaklyk zerurdyr. Muny birnäçe usul bilen amala aşyryp bolar:

• sowuk howa akymy bilen tozany üflemeklik esasynda;
• gury ýa-da çyg mata bilen süpürmeklik esasynda;
• gülleri otag temperaturasynda duşuň aşagynda ýuwmaklyk esasynda.

Näme üçindir gül deformasiýa bolsa, ony düzeltmek aňsat? Näme üçindir matadan ýasalan gül buglanyp bilner?

Silikon gülleri saç guradyjydan gyzgyn howa arkaly şekile getirilip bilner. Diňe dykyz silikondan ýasalan güller epinini açyp, göneltmeklik üçin amatlydyr we olar aňsatlyk bilen şekilini alyp biler.

Gülleri uzak wagtlap göni gün şöhlesinden hem-de otdan uzakda saklasaňyz we gül ýapraklaryny düzeltmeklik üçin senagat saç guradyjysyny ulanmasaňyz, hakyky tebigy güle meňzeş gül önümleri sizi köp ýyllap begendirip biler.

«Bossan flora» dükanynyň salgysy: Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýy,

Dürdäneli söwda merkezi (15-nji tapgyr);

«Bossan flora» dükanynyň telefon belgileri: 415554 we 726060;

«Bossan flora» dükanynyň instagram sahypasy: @bossan_concept;
@bossan_outdoor_tm;
@bossan_flora

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň