Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň «TRT1» teleýaýlymynda türkmen soltany Alp-Arslan hakynda köp bölümli taryhy çeper film görkeziler

23:0717.08.2021
0
20997

Türk metbugatynyň habaryna görä, «Oýanyş: Beýik Seljukly» («Uyanış Büyük Selçuklu») atly köp bölümli taryhy filmi döredijiler täze «Alp-Arslan” atly bölümiň üstünde işleýärler.

«Alp-Arslan» çeper filmi «Oýanyş: Beýik Seljukly» atly köp bölümli taryhy çeper filmiň täze bölüminiň sözbaşysy. Bu bölüm Seljukly döwletiniň ikinji soltany Alp-Arslanyň «Muhammet ibn Dawud» ady bilen tanalýan hekaýasyna esaslanýar. Onuň döwründe Beýik Seljuklylar döwleti kuwwatly soltanlyga (imperiýa) öwrüldi.

Türkmen soltany Alp-Arslan Malazgirt söweşinde Wizantiýa imperiýasynyň ýokary güýçlerinden üstün çykandan soň, onuň bu ýeňşi taryhyň sahypalaryna ebedilik ýazyldy. Malazgirt söweşinde wizantiýalylaryň ýeňilmegi Seljuklylaryň Ermenistanda agalyk etmeginiň we türkmenleriň Kiçi Aziýanyň içerki bölegine köpçülikleýin göçürilmeginiň başlangyjy boldy.

«Oýanyş: Beýik Seljukly» atly köp bölümli taryhy çeper filmiň «Alp-Arslan” atly täze bölüminiň baş gahrymanyň keşbini artist Baryş Arduç şekillendirer. Türk artisti Fahriye Ewjen soltan Alp-Arslanyň aýaly Akça Hatunyň keşbini ýerine ýetirer. Alp-Arslanyň kakasynyň – Çagry begiň keşbinde bolsa artist Erdinç Gülener oýnar.

Bu köp bölümli taryhy çeper filmiň sentýabr aýynda Türkiýäniň «TRT1» teleýaýlymynda görkezilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň