«Akyly Tilsimat» hojalyk jemgyýeti programmirlemegiň esaslary boýunça maslahat beriş okuwlary üçin talyplary işe alýar

10:5217.08.2021
0
6055

«Akylly Tilsimat» hojalyk jemgyýeti «HTML, CSS, JAVASCRIPT programmirlemegiň esaslary» boýunça maslahat beriş okuwlary üçin talyplary işe alýandygyny habar berdi.

Bu kurs « HTML / CSS + JavaScript» boýunça noldan başlap web programmirlemesini öwrenmek isleýän adamlar üçin döredildi we okuwçylaryň deslapky taýýarlygyny talap etmeýär. Diňe ynamly kompýuter ulanyjysy bolmaklyk ýeterlikdir

Kurs programmasy amaly tabşyryklara esaslanýar.

Okuw programmirlemekde uly tejribesi bolan mugallym tarapyndan geçirilýär. Okuw wagtynda köp gyzykly amaly meseleler jikme-jik öwreniler.

  • Okuwyň dowamlylygy 2 aý.
  • Okuw 10-njy sentýabrda başlar.
  • Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgi: +99364369444.
  • Web sahypa: www.akyllytilsimat.com


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň