12-nji awgustda Aşgabatda Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy.
Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Içeri işler edaralarynyň weteranlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, görnükli ýazyjylar hem-de ugurdaş düzümleriň döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda Mälikguly aganyň manyly ömür ýolunyň öz halkyňa we mähriban Watanyňa päk ýürekden gulluk etmegiň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasy bolup durýandygyny nygtadylar.
Çagalygy urşuň ýowuz ýyllaryna gabat gelen Mälikguly Berdimuhamedow üç sany ýörite, iki sany hem ýokary bilimiň eýesi bolmak bilen, durmuş basgançaklarynyň barysynda jan aýaman, hünär ussatlygy bilen zähmet çekdi. Ol nirede okasa-da, özüniň ýiti ukybyny, ýatkeşligini görkezdi. Täze bilimleri ele almak bilen, ol öz dünýägaraýşyny kämilleşdirdi.
Alan bilimleri milli Liderimiziň kyblasyna IIM-niň bölümleriniň şahsy düzüminiň arasynda syýasy-terbiýeçilik hem-de wagyz-düşündiriş işlerini dogry meýilleşdirmäge we jogapkärli alyp barmaga, düzgün-nyzamy pugtalandyryp, bu işi diňe bir wezipe borjy boýunça däl, eýsem, jemgyýetçilik başlangyçlarynda hem ýerine ýetirmäge kömek etdi.
Çykyşlaryň barşynda Mälikguly aganyň işlän döwründe özüni işine ussat, tertip-düzgünli, ýokary ahlakly, özüne we garamagyndakylara örän talabediji serkerde hökmünde tanadandygy, gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge — jenaýatçylygyň öňüni almaga, onuň üstüni açmaga aýratyn üns berendigi nygtaldy.
Şoňa görä-de, Mälikguly Berdimuhamedow gulluk döwründe ak ýürekli gulluk edendigi, jenaýatçylygyň garşysyna göreşmekde hem-de jemgyýetçilik tertibini üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin birnäçe Hormat hatlaryna, döşe dakylýan nyşanlara we köp sanly medallara mynasyp boldy.
Bu sylaglar Mälikguly Berdimuhamedowyň Içeri işler ministrliginiň düzüminde päk ýürekli, birkemsiz gullugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tabşyrylan işe onuň jogapkärli çemeleşmegi, harby kasama wepalylygy we öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda görkezen uly tagallalary ýaş harby gullukçylar üçin uly görelde we nusgalyk mekdebidir.
1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen hormatly dynç alşa çykyp, Mälikguly aga ençeme ýyllaryň dowamynda mugallym bolup zähmet çekip, ýaşlara bilim we terbiýe berdi. Bular barada buýsanç bilen çykyş edip, çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň kyblasynyň şöhratly ömür ýolunyň hemişe hakyky watançylygyň we mähriban halkyňa päk ýürekden gulluk etmegiň nusgasy boljakdygyny aýratyn bellediler.
Dabaranyň çäklerinde watansöýüjilik, kasama wepaly bolmak baradaky goşgular, aýdymlar ýaňlanyp, “Arkadagyň mert pederi”, “Göreldämiz Arkadagyň kyblasy” diýen aýdym-sazly çykyş bilen sazlaşykly utgaşdy.
“Merdanalyk mekdebi” atly edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi bolsa Watanyna ömür örküni baglan, gaýratlylygyň belent nusgasyny şu günki we geljekki nesillere ebedi miras goýan, beýik ynsan — Mälikguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň hakyky watançysydygyny hem-de raýatydygyny açyp görkezdi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda il-ulsumyzyň arzuwynyň parahatçylyk hem asudalykdygyny, şol asudalygy üpjün etmegiň köp babatda Içeri işler ministrliginiň üstüne ýüklenendigini nygtaýar diýip bellediler.
Milli Liderimiziň kitabynda beýan edilişi ýaly, bu gullugyň işi özüne örän ýakyn, sebäbi hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň gullukçysynyň maşgalasynda terbiýelendi.
Hakykatdan-da, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir işde görkezýän belent göreldesi mähriban kyblasynyň baý durmuş we zähmet tejribesiniň, asylly maşgala terbiýesiniň netijesidir. Şol maşgalada terbiýelenen ogul bu günki günde halkyň ykbalyny gerdenine aldy we mähriban halkynyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýär.
Türkmen halkynda: «Her bir perzent üçin pederiniň ömür ýoly hemişe görelde bolýar» diýilýär. Bu düşünje milli Liderimiziň maşgalasynda hem arkama-arka dowam edip gelýär diýlip, çykyşlarda nygtaldy.
1001-nji harby bölüme Mälikguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy manyly ähli ömrüni halkyna we mähriban Watanyna bagyş eden ajaýyp adama goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Munuň özi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň kalbynda buýsanç duýgularyny döretdi.
Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow, onuň durmuşda we zähmetde görkezen gahrymançylygy hakyndaky ýatlamalar biziň ýüreklerimizde ebedilik galar.
Mälikguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Köp ekeliň dänäni!” diýen aýdym, şeýle hem ýerine ýetirilen “Rowaçlyga ak ýollaryň, Arkadag”, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen aýdymlar hem-de “Eziz Arkadag” diýen edebi-sazly kompozisiýa munuň şeýlediginiň subutnamasy boldy.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Şeýle hem 1001-nji harby bölümde Mälikguly Berdimuhamedowyň ýadygärligine, şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde döwlet Baştutanymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.