Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli Zenan» modalar öýi döwrebap lybaslary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň «Awaza» halkara sergisine gatnaşdy

18:4507.08.2021
0
13329

«Mähirli Zenan» modalar öýi döwrebap lybaslary bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň «Awaza» halkara sergisine gatnaşdy.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Täjigistandan bolan 250-den gowrak işewür öz önümlerini mahabatlandyrdy.

«Mähirli Zenan» modalar öýi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň «Awaza» halkara sergisinde diňe bir «keteni» matadan tikilen toý köýnekleriniň modellerini görkezmeklik bilen çäklenmän, eýsem dürli kärhanalaryň we guramalaryň, dükanlaryň we supermarketleriň işgärleri üçin niýetlenilen egin-eşikleriň (uniformalaryň) täze görnüşlerini hem görkezdi.

«Mähirli Zenan» modalar öýüniň işgärleri özlerine gelen sargytlary müşderiniň modeliň reňki we biçüwi baradaky isleglerine laýyklykda taýýarlaýar.

«Mähirli Zenan» modalar öýünde egin-eşikleriň köpüsi ýerli önümçiligiň tebigy matalaryndan tikilýär.

«Mähirli Zenan» modalar öýi tarapyndan taýýarlanylan uniforma (uniforma – formaly geýim) ulanmak üçin amatly we daşky görnüşi (estetiki) taýdan göze ýakymly görünýär.

«Mähirli Zenan» modalar öýi ýakynda – 2019-njy ýylda açyldy, ýöne şeýle gysga wagtyň içinde milli biçüwli geýim öndürijileriň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy.

«Mähirli Zenan» modalar öýi öz döwrebap modelleri bilen moda sergilerine we moda dizaýnerleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrak orunlara eýe bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň