Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal Mebel» HJ ýokary hilli daşary ýurt mebellerini ilata ýetirmegiň aladasynda

13:1428.07.2021
0
9169

Dünýäniň ösen döwletleriniň tanymal haryt-nyşanly iň ýokary hilli mebelleriniň aglabasy ýurdumyza «Rysgal Mebel» hojalyk jemgyýeti tarapyndan getirilýär. 2009-njy ýylda döredilen bu milli brendimiz daşary ýurtlardan, esasan öý mebellerini getirip, ilata amatly bahalardan ýetirmek üçin ýörite iş alyp barýar. Indi ençeme ýyl bäri Rysgal Mebel hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri daşary ýurtlardan döwrebap mebelleri getirmek bilen birlikde, satylan mebelleri Türkmenistanyň ähli künjeklerine eltip gurnamak, 1 ýyl kepillik bermek we kepillik möhleti tamamlanýança degişli mebeli bejermek we düzeltmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ugrunda iş alyp baryp, müşderileriň hoşallygyny gazanýarlar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Türkmenbaşy, Magdanly, Kerki we Hazar ýaly şäherlerinde «Rysgal Mebel» Hojalyk jemgyýetiniň dükanlarynyň ýerleşmegi ilata ýokary hilli mebelleriň we olary gurnamak boýunça hyzmatlaryň elýeterligini döredýär. Şeýle-de dükanlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň görnüşleriniň örän köp bolmagy bu hojalyk jemgyýetini bäsdeşlerinden tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň biridir. Dükanlarda müşderilere ýatylýan otag üçin niýetlenilen mebeller, diwanlar, stollar, oturgyçlar, çaga otagy üçin mebeller, telewizor goýmak üçin mebeller, okalga stollary we beýleki onlarça görnüşli mebelleri satyn almak bolar. Ýylyň dowamynda dükandaky mebel harytlarynyň dürli görnüşlerine birnäçe aksiýalar we arzanladyşlar geçirilýär.

Rysgal Mebel HJ diňe bir ýa-da iki daşary ýurt kompaniýasy bilen däl-de, 10-dan gowrak öňdebaryjy daşary ýurt mebel kompaniýalary, şol sanda Weltew home, Orix , Nell, Vision, Albimo, Seyran, Roll, Infavori, Candess, Bomonti, Onesto, Sancrea ýaly ýokary hilli mebel önümlerini öndürýän türk firmalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Geljekde hem «Rysgal Mebel» hojalyk jemgyýeti daşary ýurtly mebel öndüriji kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, mebel sergilerine gatnaşmagy, işewürlik maslahatlaryny geçirmegi we ýurdumyz boýunça dükanlarynyň sanyny artdyrmagy maksat edýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat ş. G.Kulyýew köç. (obýezdnoý), 94 dükan; Tel: +993 12 75 40 12
  • Aşgabat ş. A.Döwletow köç. (Lomonosow-Bedew), 41 A dükan; Tel: +993 12 76 19 52
  • Aşgabat ş. G.Kulyýew köç., Ak toprak binasy. 1-nji etaj; Tel: +993 12 75 40 12


Web saýt: www.rysgalmebel.com

Instagram: @rysgal_mebel

Goşmaça maglumat almak ýa-da habarlaşmak üçin şu salga geçiň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň