Gyzyklanýan taraplar Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrylýar

12:4619.07.2021
0
9840

2021-nji ýylyň 10 ― 12-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi habar berdi.

Maslahatyň esasy mowzuklarynyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keseller, ene we çaganyň saglygy, hirurgiýa, ilatyň saglygy we epidemiologiýa ýaly ugurlar bar.

Maslahatyň geçirilýän günlerinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň, lukmançylyk önümleriniň we dermanlaryň halkara sergisi hem guralar.

Maslahata gatnaşmagyň şertlerini we görnüşlerini ministrligiň web sahypasynda tapyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Telefon, faks: (993 12) 40-04-46, 40-04-16, 40-04-07

Web salgysy: http://www.saglykhm.gov.tm

Salgysy: Aşgabat, 744036, Arçabil şaýoly, 2040

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň