Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň bijeleri çekildi

13:0909.07.2021
0
12719
Futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň bijeleri çekildi

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasynda 2022-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň bije çekilişigi geçirildi.

23 ýaşa çenli futbolçylardan ybarat ýygyndylaryň arasynda arasynda geçiriljek saýlama ýaryşa 42 milli ýygyndy gatnaşyp, olar 11 toparçada ýaryşar. Has takygy, 6 toparça (23 ýygyndy) Günbatar, 5 toparça (19 ýygyndy) Gündogar sebiti emele getirer.

Bije çekilişigiň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy «F» toparçada Iordaniýanyň we Palestinanyň ýygyndylarynyň bäsdeşi boldy. Duşuşyklar merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýada geçiriler. Saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň şu ýylyň 23 ― 31-nji oktýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, Aziýanyň kubogynyň jemleýji tapgyryna her toparçanyň ýeňijisi we iki orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dördüsi çykar.

Taryhda bäşinji gezek geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogyny öňümizdäki ýylda Özbegistan kabul eder. Şeýlelikde, Özbeggistanyň ýaşlar ýygyndysy saýlama duşuşyklaryň netijesine bagly bolmazdan, ýer eýesi hökmünde jemleýji tapgyra gatnaşar. Ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 2022-nji ýylyň 1 ― 19-njy iýuny aralygynda geçirilmegine garaşylýar. Yklym ýaryşynda 16 ýygyndy dört toparçada ýaryşar.

Ýeri gelende aýtsak, ýaşlaryň arasyndaky yklym ýaryşyna 2013-nji ýylda badalga berildi. Yzda galan ýaryşlarda Özbegistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we Yragyň ýaşlary yklymyň çempiony boldular.

Saýlama tapgyryň bije çekilişiginiň netijeleri:

«A» toparça: Siriýa, Katar (ýer eýesi), Ýemen, Şri-Lanka;

«B» toparça: Eýran, Täjigistan (ýer eýesi), Liwan, Nepal;

«C» toparça: Yrak, Bahreýn (ýer eýesi), Owganystan, Maldiwler;

«D» toparça: Saud Arabystany, Bangladeş, Kuweýt (ýer eýesi), Özbegistan;

«E» toparça: BAE (ýer eýesi), Oman, Hindistan, Gyrgyz Resoublikasy;

«F» toparça: Iordaniýa (ýer eýesi), Palestina, Türkmenistan;

«G» toparça: Awstraliýa, Hytaý, Indoneziýa (ýer eýesi), Bruneý;

«H» toparça: Koreýa Respublikasy, Singapur (ýer eýesi), Gündogar Timor, Filippinler;

«I» toparça: Wýetnam, Mýanma, Gonkong, Taýwan (ýer eýesi);

«J» toparça: Tailand, Malaýziýa, Laos, Mongoliýa (ýer eýesi);

«K» toparça: KHDR, Ýaponiýa, Kamboja.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň