Soňky habarlar

Arhiw

“Hazar Logistik” hususy kärhanasy giň gerimli hyzmatlary hödürleýär

20:3809.06.2021
0
21291

“Hazar Logistik” hususy kärhanasy ýurdumyzda logistika we ulag hyzmatlary boýunça öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Kärhana Mary şäherinde ýerleşmek bilen, müşderilerine ýokary derejeli gümrük goldawy we daşary ýurt ykdysady işjeňliginiň doly goldawy boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Mundan başga-da, “Hazar Logistik” hususy kärhanasynyň müşderileri islegine görä, daşary söwda-ykdysady işi üçin ulaglaryň ähli görnüşlerini saýlap bilerler. Kärhananyň mümkinçiliklerine:

  • Deňiz gatnawy;
  • Awtoulag gatnawy;
  • Demir ýol gatnawy;
  • Howa gatnawy;
  • Multimodal gatnawy ýaly ulag hyzmatlary girýär.

Kärhana Türkmenistanyň çäginde we GDA we Ýewropa ýurtlarynda ýük daşamak amallaryny ýerine ýetirýär. Şeýle hem logistika hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän müşderilere konteýner, ammar we port agentliginiň hyzmatlary hem hödürlenýär. Bu “Hazar Logistik” hususy kärhanasyna ýüz tutujylaryň ähli talaplarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini aňladýar.

Bulardan başga-da, kärhana tarapyndan gümrük amallaryny hasaba almak (eksport, import, tranzit, wagtlaýyn import-eksport we ş.m.), ätiýaçlandyryş hem-de şahadatnama hyzmatlary hödürlenýär. Bu görekezijiler “Hazar Logistik” hususy kärhanasynyň logistika we ulag hyzmatlary ulgamynda öňdebaryjy kärhanalaryň biridigine güwä geçýär. Hyzmatlaryň ýokary hili kärhananyň toplan baý tejribesinden, işgärleriň hünär ussatlygyndan habar berýär.

“Hazar Logistik” hususy kärhanasy belent abraýyna we tejribesine daýanyp, hyzmatdaşlaryň we agentleriň giň ulgamyny döretdi. Bu bolsa türkmen işewürlerine daşary söwda-ykdysady işleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň