Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Konstitusýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti geçirildi

23:4618.05.2021
0
5922

Şu gün «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Baýramçylyk konserti «Arkadagyň ak ýolunda baky parla, ýaşyl Tugum!» diýen edebi — aýdym-sazly çykyş bilen açyldy. Ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem-de ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparlary ýerine ýetirdi.

Ruhubelentlik ýagdaýynda başlanan baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň ajaýyp çykyşlary bilen dowam etdi.

Açyk asmanyň astynda türkmen halk aýdym-sazlary, estrada aýdymlary ýaňlandy hem-de ajaýyp tanslar ýerine ýetirildi. Zehinli aýdymçylar öz çykyşlarynda eziz ülkämiziň tebigat gözelliklerini, türkmen halkynyň baý we özboluşly däp-dessurlaryny, berkarar Watanymyzyň bu günki ýeten sepgitlerini wasp etdiler.

Ajaýyp paýtagtymyza bagyşlanan aýdym-sazlar konsertiň özenini düzdi. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda türkmenistanlylaryň ak mermerli Aşgabada bolan söýgüsi has-da belent ylham joşguny bilen wasp edildi.

Bu günki ajaýyp baýramçylyk konsertinde “Güneş” çagalar hor toparynyň hem-de “Şowhun” tans toparynyň çykyşy aýratyn joşgunly ýaňlandy. Asylly däbe görä, gadymy “Küştdepdi” tansy baýramçylyk konsertini jemledi, nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, türkmen halkynyň örän baý ruhy mirasynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu çykyş tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Aýdymçylar hem-de baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadag!» atly watançylyk aýdymy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň