«MIUI 13» şu ýylyň ikinji çärýeginde çykar, ýöne «Xiaomi» smartfonlarynyň hemmesi ony kabul etmez

15:5106.05.2021
0
5190

Ýaňy-ýakynda «Xiaomi» öz smartfonlary üçin täze dizaýny, menýu aýratynlyklary we beýleki jikme-jiklikleri bilen özüne çekýän «MIUI 12.5» gurluşyny resmi taýdan işe girizdi. Käbir smartfonlara eýýäm täze tapgyr ornaşdyryldy, täzelenmäniň ikinji tapgyry bolsa iýun aýynda meýilleşdirilýär.

Şeýle-de bolsa, ulanyjylar eýýäm «MIUI 13»-e sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Käbir metbugat serişdeleriniň berýän habaryna görä, «MIUI 13» şu ýylyň 21-nji iýunynda yglan ediler. Ýöne ony diňe «Mi 8», «Mi 9», «Redmi Note 8», «Redmi 8», «Mi MIX 2S» we Mi MIX 3 smartfonlary kabul eder.

Täze görnüşde interfeýs we gulp ekrany, täze animasiýa, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, gizlinlik we howpsuzlyk aýratynlyklar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň