Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» atly konsert geçiriler

17:3805.05.2021
1
12252

8-nji maý güni Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň uly konsert zalynda «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» atly konsert geçiriler. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu konsert 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşalanar.

Konsertde

Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Stella Faramazowa (fortopiano);
«Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Amangeldi Amanow (bariton);
«Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa (soprano);
Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa (skripka);
Maýa Gullaýewa (messo-soprano);
Merjen Amanowa (fortopiano);
Emir Baýramgeldiýew (fleýta);
Enegyz Ýomudowa (skripka) dagylar çykyş eder.

Başlanýan wagty: 18:00.

Konsert Kamera topary kafedrasy tarapyndan geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň