Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň mejlisini geçirdi

23:5821.04.2021
0
7994

Aşgabatda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, assosiasiýanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem assosiasiýanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky we daşary ýurtlardaky agzalary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow mejlisi açyp, hemmeleri Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gyzgyn gutlady.

Onuň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda assosiasiýanyň 11 sany döwletden jemi 191 fiziki we ýuridik agzalary bolup, olaryň sany yzygiderli köpelýär.

Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen beýleki meselelere geçmek bilen, Serdar Berdimuhamedowyň guramanyň Tertipnamasynda “Assosiasiýasynyň başlygy” we “Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary” diýen sözleri “Assosiasiýanyň Prezidenti” we “Assosiasiýanyň wise-prezidenti” diýen sözler bilen çalyşmak boýunça Tertipnama üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň guraýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek boýunça teklipleri öňe sürdi. Foruma gatnaşyjylaryň ses bermekleriniň netijesinde, bu teklipler biragyzdan goldanyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady. Mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady.

Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna döşe dakylýan nyşan we şahadatnama gowşuryldy.

Mejlisde Medeniýet ministrliginiň esasy hünärmeni, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy Agamyrat Baltaýew, Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň prorektory, weterinariýa ylymlarynyň doktory, professor Murat Kibar, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy, hususy itşynas Mekan Gurbandurdyýew, Özbegistan Respublikasynyň “Узбекский волкодав” tohumlaryny gorap saklamak boýunça jemgyýetiniň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy Akobir Şukurow, Azerbaýjan Respublikasynyň “Kawkaz itleriniň janköýerleri” jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ilham Gazimzade dagylar çykyş etdi.

Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek hakyndaky”, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň