Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy

18:2714.04.2021
0
4577

UEFA-nyň iň naýbaşy kuboklarynyň biri bolan Çempionlar ligasynda ýarym finala galan ilkinji toparlar belli boldy. Olar Fransiýanyň PSŽ hem-de Angliýanyň «Çelsi» toparlarydyr.

Geçen möwsümde UEFA Çempionlar ligasy bilen bir hatarda 6 kubogy gazanan Germaniýanyň «Bawariýa» toparyna bu gezek PSŽ toparyny ýeňmek başartmady. Fransuz topary ilkinji duşuşykda «Bawariýanyň» meýdançasynda gazanan 3:2 hasabynda ýeňşi bilen ýarym finala galmagy başardy.

Fransiýada oýnalan oýunda «Bawariýa» topary 1:0 hasabynda üstün çykan hem bolsa, oňa 2 duşuşygyň jemi boýunça ýayrm finala çykmak başartmady.

Çempionlar ligasynyň ýene-de bir ýarym finalçysy ol hem Tomas Tuheliň tälim berýän «Çelsi» topary boldy. «Çelsi» topary hem Portugaliýanyň «Porto» toparyna garşy ilkinji duşuşykda gazanan 2:0 hasaply utuşy bilen ýarym finala çykdy. «Porto» topary hem myhmançylykda «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda utandygyna garamazdan, ýaryl finala çykmak olara başartmady.

«Çelsi» topary 2014-nji ýyldan soňra ilkinji gezek bu kubogy gazanmak ugrundaky ýaryşda ýayrm finala çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň