Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Serdar Geldiýewden soňra onuň jigisi Ata Geldiýewiň hem «Ahalyň» düzümine goşulandygyny habar berdi. Ol geçen möwsümde Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparynda çykyş edipdi.
Ata Geldiýew geçen ýyl gyrgyz çempionatynda 14 duşuşyga gatnaşyp, olarda 1260 minut meýdanda boldy. 2 pökgi geçiren goragçy 2 sany hem sary kart gördi.
31 ýaşly futbolçy karýerasynda HTTU, «Aşgabat», «Ahal», «Şagadam», «Alaý», «Abdyş-Ata» (ikisi hem Gyrgyz Respublikasy), «Perseru» (Indoneziýa) toparlarynda futbol oýnady. Ol «Alaýyň» düzüminde Gyrgyzystanyň wise-çempiony hem boldy.
Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysyna hem birnäçe gezek çagyryldy.
Germaniýanyň «Transfermarkt» portaly ony, takmynan, 200 müň ýewro möçberinde bahalaýar.