Soňky habarlar

Arhiw

Ýagşymyradow ― Anderson tutluşygy 16-njy aprele süýşürildi

10:4927.03.2021
0
20053

Döwletjan Ýagşymyradow (Türkmenistan) bilen Kori Andersonyň (ABŞ) arasyndaky tutluşyk 2021-nji ýylyň 16-njy apreline süýşürildi. Bu barada «Bellator» ligasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Mundan öň bu tutluşygyň 9-njy aprelde boljakdygy habar berlipdi. Ýöne meýilnamalar üýtgedi. Indi tutluşyk «Bellator 257» ýaryşynyň çäginde geçiriler. Jübütler 16-njy aprelde ABŞ-nyň Ankaswilla şäherindäki «Mogehan Sun» arenasynda tutluşarlar.

Bu tutluşyga «Okko» onlaýn platformasy we «Matç TW» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

«Bellator» ýarym agyr agramdaky çempionlyk guşagy üçin ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragyny goýdy. Ýaryş sekiz pälwanyň gatnaşmagynda çärýek finaldan başlar.

Ýaryşyň ýarym finaly iýulda, finaly oktýabrda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň