Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ählihalk bag ekilşik çäresi geçiriler

23:1605.03.2021
0
8129

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu resminama ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek hem-de ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Öň habar berşimiz ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň çäklerinde 30 million bag nahallarynyň oturdylmagy göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň