Soňky habarlar

Arhiw

“Röwşen” aýakgap markasy özüniň eksport güýjüni ösdürýär

17:3402.03.2021
0
17074

«Röwşen aýakgaplary» kompaniýasy özüniň eksport mümkinçiligini barha artdyrýar. Ýakynda bu kärhana tarapyndan 7 müň jübüt aýakgap Russiýa döwletine eksport edildi.

Şunda kompaniýanyň «Wildberries», «AliExpress», «OZON» ýaly dünýäniň iri onlaýn söwda platformalary bilen hyzmatdaşlygynyň uly orny eýeleýändigini aýtmak gerek. Munuň üstesine-de, aýakgaplary kompaniýanyň resmi saýtyndan hem onlaýn görnüşde satyn almak mümkindir.

Kompaniýanyň Russiýadaky merkezi edarasy, ammary we sergi öýi Moskwa oblastynyň Lenin etrabynyň Meşerinka etrapçasynda, Moskwa ― Domodedowo howa menzili halkalaýyn ýolunyň ugrundaky 2-nji jaýyň 1-nji binasyndaky 221-nji otagda ýerleşýär.

Instagram salgysy: @rowshen_russia.

e-poçta: rowshen_russia@gmail.com.

Telefonlary: +74957996676, +79037996676, +79011889773.

«Röwşen» haryt nyşanly aýakgaplar 2003-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýär. Kompaniýa esasan nusgawy äheňdäki erkek aýakgaplarynyň önümçiligi bilen meşgullanýar. Ähli aýakgaplar italýan aýakgap dizaýnerleriniň modellerine görä ýokary hilli, hakyky deriden taýýarlanylýar.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň