Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» aýakgaplarynda arzanlaşyk yglan edildi

17:3112.02.2021
1
29886

«Röwşen» brendli aýakgap kärhanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30-ýyllyk baýramy mynasybetli we müşderileriniň gyzyklanmasyny has-da artdyrmak maksady bilen, kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň ähli görnüşlerinde arzanladyş yglan etdi. Ozalkylaryna görä, arzan, ýokary hilli aýakgaplary kärhananyň ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki dükanlaryndan ýa-da resmi saýtyndan satyn alyp boljakdygyny habar berýäris.

Dürli ölçegdäki, arassa deriden tikilen, ýokary hilli we elýeter bahaly aýakgap önümleri bilen soňky ýyllarda içerki bazarda we daşary söwdada meşhurlygyny artdyrýan kärhananyň Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki dükanlarynyň sany häzir 30-dan geçýär. Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň 91/1-nji jaýyndaky «Gadamly aýakgap» hem-de Olimpiýa şäherjigindäki «Türgen» söwda merkezindäki dükanlary bolsa kärhananyň merkezi dükanlarydyr.

Şu dükanlarda we beýleki söwda merkezlerinde kärhananyň täze aýakgap önümleriniň ähli görnüşleri bilen tanşyp bilersiňiz.

Öz işini 2003-nji ýylda ýola goýan kärhana çagalara, zenanlara we erkek kişilere niýetlenen dürli ölçegdäki aýakgaplarynyň görnüşlerini barha artdyrýar. Kärhananyň resmi saýty bolsa önümleri satyn almak üçin ýeňillikleri hödürleýär. Resmi saýt arkaly satyn alan aýakgabyňyz siziň öýüňize çenli getirilip berler.

Kärhana hemmeleri arzanlaşykdan paýly bolmaga çagyryp, ýene bir gezek önümleriň ýokary hiline kepil geçýär. Täze bahalar bilen kärhananyň resmi saýtynda tanşyp boljakdygyny ýatladýarys.

Goşmaça maglumatlary kärhananyň resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
akmyrat9598 ( 12.02.2021 )

Resmi saytynyn link.ni goyayyn

1