Soňky habarlar

Arhiw

Täze otly gatnawynyň Lebapdaky saglyk we migrasiýa gözegçiligi Türkmenabadyň demir ýol menzilinde amala aşyrylar

09:4102.03.2021
0
134003

Aşgabat ― Türkmenabat ― Aşgabat ugry boýunça hepdede bir gezek otly gatnawynyň ýola goýlandygy baradaky bildiriş şu gün «Türkmen gündogary» gazetinde hem resmi ýagdaýda çap edildi.

Ozal hem habar berlişi ýaly, gatnaw Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça hepdäniň çarşenbe güni, Türkmenabat — Aşgabat ugry boýunça penşenbe güni gurnaldy.

Lebap welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy tarapyndan berlen bu bildirişde Türkmenabatdan Aşgabat şäherine ugrajak raýatlaryň demir ýol menzilinde gurnalan içki migrasiýa seljeriş toparyna ýüzlenip, COVID-19 ýokanjyna barlanmak üçin şol ýerdäki lukmançylyk otagynda nusgalyk tabşyrmalydygy aýdylýar. Barlagyň jogaby hem şol ýerde berilýär.

Umuman, bu gatnawlar üçin «Türkmendemirýollary» agentliginden we ýolagçylardan birnäçe talaplar bildirilýär.

Agentlik tarapyndan ýolagçy otlularynyň wagonlarynda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleriniň gündelik hem-de yzygiderli geçirilip durulmagy şol talaplaryň ilkinjileriniň biridir. Ýolbeletler otlynyň ugramazyndan 6 sagat öň, otly soňky stansiýa baryp, ýolagçylar düşenden soň hem-de onuň hereket edýän döwründe her 3-4 sagatdan zyýansyzlandyryş çärelerini geçirip durmalydyr.

«Aşgabat şäherine gelýän we welaýatlara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda, her bir ýolagçyda soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagy barada tassyknama bolmaly. Kepilnamasy bolmadyk we gyzgyny 37 derejeden geçýän ýolagçylara otla münmäge rugsat berilmez.

Otla münülmezinden ozal degişli demir ýol menziliniň saglygy goraýyş nokadynyň işgärleri tarapyndan her bir ýolagçynyň bedeniniň gyzgynlygy ölçeniler, onuň burun boşlugyna oksolin melhemi çalnyp, elleri zyýansyzlandyrylar. Ýolagçylardan demir ýol menzillerinde, stansiýalarda we otluda agyz-burun örtüklerini ulanmak, kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik gigiýenasynyň düzgünlerine berk eýermek talap ediler.

Meýilleşdirilýän ugurlarda otlularyň ýol ugrundaky stansiýalarda durman we säginmän geçmegi göz öňünde tutulýar. Gatnaw dowam edýän wagtynda ýolbeletler ýolagçylaryň bellenen talaplara eýermegine gözegçilik ederler. Bu işe ulaglardaky polisiýa işgärleri hem goldaw berer.

Gaýtadan dikeldilýän gatnawyň synag tapgyrynda küpelerdäki ýolagçylaryň sanynyň iki essä çenli az bolmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň