Soňky habarlar

Arhiw

«Lukoýl» «Dostluk» ýatagyny özleşdirmäge gatnaşar

23:4518.02.2021
0
20691

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda golaýda gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Şundan ugur alyp, biz “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini goldaýarys hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardyrys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyz ekologiýa ugruny hem-de iň soňky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary nazara almak bilen, nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary çekmek meselelerine uly üns bermek bilen, esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Öz nobatynda, “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan meýilnamalary barada aýdyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamynda Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň tutuş dünýäde ykrar edilendigini nygtady. Wagit Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl-de, eýsem, Baltika deňziniň ýalpaklygynda hem “Lukoýlyň” uly iş tejribesiniň bardygyny belläp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” atly möhüm ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

“Lukoýlyň” ýolbaşçysy şol birwagtyň özünde täze ýataklary gözlemek işleriniň alnyp baryljakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilen bu taslamany ýokary hilli, ekologiýa talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmek hem-de bellenen möhletinde tamamlamak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň