“Bereket Kompýuter” “utuşly çarh” aksiýasyny yglan edýär

12:0607.01.2021
0
22133

Bereket Kompýuter” HK, “Utuşly Çarh” aksiýasynyň ýakyn wagtda çykjakdygyny habar berýär şeýle-de müşderileri utuşly lotereýany oýnamaga we baýrak almaga çagyrýar. Munuň üçin hiç zat satyn almak ýa-da ýygnamak hökman däl - diňe dükanyň web sahypasynda hasaba alynmaly, girmeli we çarh görnüşindäki ýörite banneri “aýlap”, bagtyňy synap görmeli. Eger-de utuş gazansaňyz, size ýörite kod beriler, soňra ony görkezmeli bolarsyňyz. Utuşlaryňyzy dükanyň özünden alyp bilersiňiz.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Bereket Kompýuter” HK - kompýuterleri, noutbuklary we wideo gözegçilik ulgamlaryna degişli önümleri satmak we IT enjamlaryna hyzmat etmek şeýle-de abatlamak işlerini ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň