Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti agtygy bilen Köpetdagdaky asma ýoluna gezelenç etdi

23:5127.12.2020
0
47540

Dynç güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu töwereklerini synlap, agtygyna tebigatyň gudraty güýçli, onuň egsilmez baýlygy we tebigatyň adamlar bilen gatnaşygy barada gürrüň berdi.

Kerim atasynyň gürrüňlerini diňläp, dag etekleriniň gözelliklerini, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini surata düşürdi. Munuň özi ýurdumyza ak gar bilen gelen gyşyň has täsirli pursatlarynyň ýadygärlik hökmünde saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutany agtygy bilen Asma ýoluň ugry boýunça hereket edýän kabina mündüler. Onuň assalyk bilen herekete başlanmagy arkaly daş-töwerekde ajaýyp görnüşleri açyldy. Köpetdagyň belent dag gerişlerine tarap uzaýan Asma ýoluň bu künjegiň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik berýändigini bellemeli. Belentlikden görünýän ajaýyp şekiller ynsan ruhuny göterýär. Dörän mümkinçilikden netijeli peýdalanýan Kerim gyşyň ajaýyplyklaryny surata düşürdi.

Milletiň Lideri agtygy bilen Asma ýol boýunça gezenlenjini tamamlap hem-de onuň soňky duralgasynda düşüp, dag belentliklerinden tutuş gözýetimde ýaýbaňlanyp ýatan şäheri, gar bilen örtülen baýyrlary we jülgeleri synlady.

Kerim gara örtülen belentlikleriň arasynda tebigatda geçirilen ajaýyp gün baradaky ýatlama hökmünde gar adamy surata düşürip başlady. Başlan işini ahyryna çenli ýetirmegi öz durmuş filosofiýasyna öwüren Türkmenistanyň Prezidenti bolsa gar adamyň keşbine jemleýji üýtgetmeleri girizdi.

Asma ýoluň ähli işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentinň adyndan täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň