Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen-Tranzit» Aşgabatdaky halkara sergide öz mümkinçiliklerini hödürledi

12:0310.12.2020
0
10620
«Türkmen-Tranzit» Aşgabatdaky halkara sergide öz mümkinçiliklerini hödürledi

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi öz işini dowam etdirýär.

Sergä gatnaşyjylaryň arasynda maglumat tehnologiýalary boýunça iş alyp barýan «Türkmen-Tranzit» kompaniýasy hem bar.

Kompaniýanyň hünärmenleri IT hyzmatlaryny bermekde we Türkmenistanda birnäçe kompaniýalardyr guramalar bilen hyzmatdaşlykda gazanan üstünliklerini görkezdiler. Bu ýere gelenler kompaniýa tarapyndan döredilen guramalaryň we kärhanalaryň ykjam programmalary we web sahypalary, ýurtdaky IT mahabatynda bolup geçen wakalar, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary üçin taýýarlanan onlaýn söwda platformasynyň taslamasy bilen tanyşdylar.

«Türkmen-Tranzitiň» hünärmenleriniň pikiriçe bu platforma birleşigiň agzalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanyp biler. Onda bazar segmenti, onlaýn tenderleri geçirmek we onlaýn auksion ýaly bölümler bar. Geljekde platforma has-da kämilleşdiriler.

«Onlaýn platforma TSTB-niň agzalaryna işewürlik hyzmatdaşlygyny we söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik döreder» diýlip, çykyşda aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň