Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi

19:3205.12.2020
2
25920

Şu gün 2020-nji ýylyň 23 – 27-nji noýabr aralygynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen maglumat telekommunikasiýa ulgamynda «Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik, akylly şäher ýaly 7 ugur boýunça geçirildi.

Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda bäsleşigiň her bir ugry boýunça bir sany birinji, iki sany ikinji we üç sany üçünji orun kesgitlenildi.

«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşyjylaryň şu taslamalary 1-nji orna mynasyp boldy:

  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ruslan Hasanow - «Saglygy goraýyş» ugry boýunça «Raýatlar we lukmanlar üçin elektron saglyk ulgamy» atly işi;
  • Tapylgysyz mahabat HJ-niň hünärmeni Ogulnyýaz Orazbaýewa - «Ylym we bilim» ugry boýunça ««Germew» onlaýn Türkmençe» atly işi;
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň mugallymy Daniýar Ismailow - «Senagat» ugry boýunça «Elektro montaž, prinsipial shemalaryny dürli programmalaryň kömegi bilen redaktirläp, taýýarlamak hem-de buýrujynyň islegine görä täze görnüşli shemalaryň taslamasyny durmuşa geçirmek» atly işi;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Döwlet Saryýew - «Ulag we kommunikasiýa» ugry boýunça «Pudagara elektron resminama dolandyryş ulgamy» atly işi;
  • Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp okadýan 89-njy orta mekdebiniň okuwçysy Abdylla Amangeldiýew - «Hyzmatlar ulgamy» ugry boýunça «Daşky tor suw geçirjileriň gurluşygynyň 22 ýygyndysynyň programmasy (Smeta hasabaty)» atly işi;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji kurs talyby Öwezberdi Kakajanow - «Kiçi we orta telekeçilik» ugry boýunça «Elektrik we elektron oýunjaklar» atly işi;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji kurs talyby Aşyrbaýew Jasurbek - «Akylly şäher» ugry boýunça «Speech to Text» atly işi. Bu programanyň esasy maksady sesi ýazga öwürmek. Programma emeli aňyň düzüm bölekleri bolan «machine learning» bilen işleýär».

Bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan bu ýaşlar «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan diplom hem-de gymmatly bahaly baýraklar bilen sylaglanyldy.

 

Şeýle hem :

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
jas ( 06.12.2020 )

Birje ýalňyşlyk gidipdir shony duzedip bilermisiniz. Ashyrbayew Jasurbek 1-nji kurs dalde 3-nji kurs bolmaly

6
resuldovlet ( 06.12.2020 )

duzetdik)

6