Kwant kompýuterini oýlap tapmaklygy maksat edinýän Russiýada «Milli kwant barlaghanasy» atly konsorsiumyň döredilendigi habar berildi.
Konsorsiuma gatnaşyjylaryň Russiýanyň «РБК» web sahypasyna iberen beýanyna görä, taslama Russiýanyň Döwlet ýadro energiýasy kompaniýasy bolan Rosatomyň «SP kwant» atly golçur kärhanasy, Russiýanyň Kwant merkezi, «Skolkowo» gaznasy, Ýokary Ykdysadyýet mekdebi, Milli Gözleg Uniwersiteti, Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersiteti, «MİSiS», Moskwa Fizika-tehnologiýa uniwersiteti we P.N. Lebedew adyndaky Fizika instituty gatnaşdy.
«Milli kwant barlaghanasy» atly konsorsiumynyň başlygy wezipesine «Rosatom kwant tehnologiýalary» diýen taslama edarasynyň müdiri, Russiýanyň Kwant merkeziniň öňki müdiri Ruslan Ýunusow saýlanyldy.
Ýunusow «РБК» web sahypasyna iberen beýanynda konsorsiumyň borçlaryny şu aşakdakylar ýaly sanap geçdi:
- Kwant tehnologiýalary pudagyndaky ösüşleri daşary ýurtlara eksport etmeklik, intellektual eýeçiligini dogry hasaba almaklyk, halkara patentlerini almak isleýän kompaniýalara kömek etmeklik;
- Russiýada kwant prosessorlaryny döretmeklik üçin infrastrukturany gurmaklyk (gözleg laboratoriýalary, çözgütler zawody);
- Bilim pudagyndaky tagallalary güýçlendirmeklik, gatnaşyjylaryň arasynda öňdebaryjy tejribäni paýlaşmaklyk, bilelikdäki bilim we aň-bilim maksatnamalaryny başlatmaklyk.
Ýunusow «Milli kwant barlaghanasy» atly konsorsium üçin aýratyn býujetiň göz öňünde tutulmaýandygyny, ýöne konsorsiumyň «Rosatom» tarapyndan ýazylan we geçen iýul aýynyň ahyrynda hökümet komissiýasy tarapyndan tassyklanan «Kwant amallary» atly maksatnamanyň çäginde dörediljekdigini aýtdy.
Maksatnamanyň umumy býujetiniň 2024-nji ýyla çenli 23,7 milliard rubl (takmynan 312 million dollar) boljakdygyny bellän Ýunusow, munuň takmynan 45 göteriminiň býujetden daşary çeşmelerden alynmalydygyny hem nygtady.
Ýunusow: «Býujet, bilimi goldamaklyk, infrastruktura döretmeklik we enjam satyn almaklyk ýaly dürli meseleleri çözmeklik üçin konsorsiuma gatnaşýan guramalaryň arasynda paýlaşylar. «Milli kwant barlaghanasy» atly konsorsiumynyň agzalary resminamanyň esasy wezipesini – kwant kompýuterini oýlap tapmaklyk wezipesini ýerine ýetirerler.» – diýip belledi.
«Kwant amallary» diýlip atlandyrylýan maksatnamanyň çäginde 2 müň inedördül metr nanofabrika merkezini, şeýle hem Skolkowo meýdançasynda 3 müň 500 inedördül metrden gowrak meýdany bolan ösen barlaghana toplumyny döretmeklik meýilleşdirilýär.