GDA ýaşlarynyň halkara gatnaşyklary bäsleşiginiň finalçylarynyň forumy 18-20-nji noýabr aralygynda onlaýn görnüşde geçirilýär

16:4918.11.2020
0
5482

Guramaçylaryň «BelTA»-a beren habaryna görä, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan yeňişiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna gabat gelýän GDA ýaşlarynyň halkara gatnaşyklary üçin A.A. Gromyko adyndaky bäsleşiginiň finalçylarynyň forumy 18-20-nji noýabrda wideo konferensiýa görnüşinde geçirilýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu ýyl arzalar 10-njy martdan 11-nji maý aralygynda kabul edildi. Bäsleşige hödürlenýän ylmy makalalar bäsleşigiň şertine laýyklykda, Beýik Watançylyk urşunyň taryhy hakydasy, BMG-niň häzirki zaman dünýäsindäki orny, Ýewraziýa giňişliginde integrasiýa prosesleri we diplomatiýa, Ýewropa bileleşigi we GDA temalarynda taýýarlanyldy. Bäsleşige gatnaşmaklyk üçin GDA-nyň 11 ýurdundan 323 ýaş alymyň we hünärmeniň 285 ylmy makalasy kabul edildi.

GDA ýaşlarynyň halkara gatnaşyklary üçin A.A. Gromyko adyndaky bäsleşigine hödürlenen işleriň arasyndan russiýaly ýaşlaryň 170-siniň makalasyndan 145-si, belarussiýaly ýaşlaryň 72-siniň makalasyndan 65-si, gazagystanly, ermenistanly, gyrgyzystanly, moldowaly, täjigistanly, özbegistanly, azerbaýjanly, türkmenistanly we ukrainaly ýaşlaryň 79-synyň makalasyndan 73-si saýlanylyp  alyndy.

Bu bäsleşige GDA ýurtlarynyň wekillerinden başga-da, Gruziýanyň we Abhaziýanyň raýatlary gyzyklanma bildirdiler. Bäsleşige hödürlenen ylmy makalalar GDA-nyň 6 ýurdundan 30-dan gowrak hünärmenden ybarat emin agzalar tarapyndan baha berildi. GDA-nyň 11 ýurdundan öňdebaryjy milli uniwersitetlere, ylymlar akademiýalaryna, döwlet edaralaryna, jemgyýetçilik we işewürlik guramalaryna wekilçilik edýän 50 gatnaşyjy bäsleşigiň finalyna çykdy.

GDA-nyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän halkara gatnaşyklary üçin A.A. Gromyko adyndaky bäsleşik 2018-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Bu bäsleşik A.A.Gromyko adyndaky Daşary syýasaty öwreniş birleşigi, Belarussiýanyň prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasy we Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa instituty tarapyndan gurnalýar. Taslama GDA-nyň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasy tarapyndan berlen grantyň kömegi bilen durmuşa geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň