Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar Tokio Olimpiadasyna taýýarlyk görýärler

11:1116.11.2020
0
4342

Şu günler Türkmensitanyň ýeňil ateltika boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri indiki ýyl Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygy güýçlendirýärler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Halkara Olimpiýa komiteti Tokio Olimpiadasynyň 2021-nji ýyla süýşürilýändigini habar beripdi. Şeýlelikde, Oýunlary geljek ýylyň 23-nji iýuly ― 8-nji awgusty aralygynda geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasyndan berilýän maglumata görä, ýakynda tamamlanan ýurdumyzyň çempionaty milli ýygyndymyza ezber türgenleri saýlap almak üçin deslapky mümkinçiligi döretdi. Ýöne gutarnykly düzüm indiki ýylyň aprel aýynda geçiriljek milli birinjilikden soňra kesgitlener.

Öňümizdäki ýylda türkmenistanly ýeňil atletikaçylara halkara ýaryşlaryň başga-da birnäçesi garaşýar. Olar 2021-nji ýylyň maý aýynda Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşlaryna, iýunda bolsa Gazagystanda Olimpiada ― 1960-yň kümüş medalçysy Gusman Kosanowyň hatyrasyna bagyşlanyp geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar. Bu ýaryşlar biziň ýeňil atletikaçylarymyz üçin Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň iň netijeli tapgyrlaryna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň