Türkmenistan RSS-iň pandemiýa döwründe sanly aragatnaşygy ösdürmäge bagyşlanan mejlisine gatnaşdy

10:4610.11.2020
0
3939

Türkmenistanyň wekilleri aragatnaşyk pudagyndaky Sebitleýin arkalaşygyň (RSS) agzasy hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş ministrligi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maglumat jemgyýetini ösdürmek boýunça ýokary derejeli iş toparynyň 8-nji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşanlaryň arasynda pandemiýa döwründe sanlaşdyrmak tejribesi bilen paýlaşan Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly GDA agza döwletleriň wekilleri bar.

Gatnaşajylar koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almakda sanlylaşdyrmagyň möhüm orny eýeleýändigini bellediler. Sosial çeşmeleriň we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň onlaýn formatda bolmagy sebäpli, GDA-nyň ýaşaýjylary köp adamly çärelere gatnaşmakdan ýüz öwrüp, köpçülik ýerlerinde wagtlaryny azaltdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň