Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Bu ýagdaýlary nazara alyp hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak teklip edilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda netijeli gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydygyny nygtady.
Türkmenistan we Tatarystan ägirt uly senagat kuwwatyna eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti öňde köp sanly taslamalaryň durandygyny belledi. Şolaryň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, Tatarystan özüniň serişde-senagat kuwwaty hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary babatda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.