Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurulýan şypahanada işler tamamlaýjy tapgyrda barýar. «Türkmenportal»-a mälim bolşy ýaly, onuň açylyş dabarasy noýabr aýynyň başynda meýilleşdirilýär.
Döwrebap talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan şypahana ýokary derejeli lukmançylyk kömegini berer. Şypahana toplumy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde iň döwrebap lukmançylyk hyzmatlary hödürlener.
Şypahana barýan 22 kilometrlik täze ýol hem halkara talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýoluň esasy çatryklarynyň biriniň merkezinde «Saglyk» heýkeli ýerleşer.