Türkmenistan söwda işini ýeňilleşdirmek boýunça Milli portalyň döredilmegine gatnaşýar

12:4822.10.2020
0
6297

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän "Söwda taýynlyk - Merkezi Aziýa" sebitleýin taslamasynyň çäginde Halkara Söwda Merkezi (ITC-International Trade Centre) Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda söwda işini ýeňilleşdirmek boýunça Milli portalyň tehniki topary üçin onlaýn okuw geçirýär. Bu barada Halkara Söwda Merkeziniň metbugat beýanynda aýdylýar.

28-nji oktýabra çenli dowam etjek bäş sapakdan ybarat okuw seminary onlaýn portaly goldamak boýunça jogapkär tehniki topary güýçlendirmegi maksat edinýär. Seminar portalyň funksiýalary bilen tanyşmak, ulanyjy interfeýsine syn, maglumatlary ýygnamagyň usulyýeti we kontenti dolandyrmak ýaly temalary öz içine alýar.
Onlaýn söwda portaly import, eksport we üstaşyr geçmek, şertnamalara, kanunlara, kadalara, görnüşlere we resminamalara girmäge rugsat, halkara söwda statistikasy baradaky peýdaly maglumatlary özünde jemleýär.
ITC bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen halkara öňdebaryjy tejribä laýyklykda 23 ýurtda, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda eýýäm durmuşa geçirilýär we serhetden geçmek işini ýeňilleşdirmekde öňdebaryjy çözgüt hökmünde ykrar edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň