Lukaşenko belarus-türkmen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär

11:3227.09.2020
0
4514
Lukaşenko belarus-türkmen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Belarusyň Prezidenti türkmen Liderine Gutlag ýollady. Onda şeýle ýazylýar:

“Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç! Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan daşary syýasat ugry hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan özbaşdak we depginli ösýän döwlet hökmünde berkarar boldy. Belarus Respublikasynda Türkmenistan bilen dostluga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly sarpa goýulýar. Bilelikdäki tagallalar arkaly ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine belarus-türkmen gatnaşyklarynyň gi­ňeldilmegini üpjün edip biljekdigimize tüýs ýürekden ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işi­ňizde täze üstünlikleri we belent sepgitleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk hem-de ähli gowulyklary arzuw edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň