Berdimuhamedow içeri işler ministrine we Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna berk käýinç yglan etdi

21:1421.09.2020
0
49785
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewa, şeýle-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulowa berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek duýduryldy.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (21.09.2020) habar berildi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň