Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanyň Prezidenti ýollan Gutlag haty üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi

10:0107.09.2020
0
11190

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowdan hat gelip gowuşdy — diýip, TDH habar berýär.

Dostlukly döwletiň Baştutany Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adyndan TASSR-iň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli iberen mähirli gutlagy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. »Munuň özi Tatarystan Respublikasy bilen russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändiginiň möhüm mysalydyr» diýip, Prezident R.Minnihanow aýdýar.

«Pursatdan peýdalanyp, Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler bardyr.

Size döwlet işiňizde geljekde hem uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin» diýip, dostlukly döwletiň Baştutany hatyny jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň