Arhiw

«Aýdyň gijeler» sowadyjylary we suw sowadyjylaryny öndürip başlar

09:5926.08.2020
1
12529

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýakyn wagtda öz önümleriniň hataryna sowadyjylary we suw sowadyjylary hem goşmakçy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Munuň üçin Türkmenkabel zawodynyň çäginde elektronika we tehnologiýa merkezi açyldy. Bu ýerde öndürilýän önümler içerki bazara we eksporta niýetlenendir.

Häzir bu ýerde «Tolkun» we «Zemin» diýlip atlandyrylýan smart telewizorlarynyň dürli görnüşleriniň öndürilýändigini habar beripdik. Hojalyk jemgyýetinde täze önümçiliklere hem uly mukdarda maýa goýulýar. Bu ýerde täze iş orunlarynyň hem 150-siniň döredilendigini aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
DurdYMERET ( 27.08.2020 )

Бах. Млдц .узагындан болаворсын

3