Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary we Balkan welaýatlaryna täze prokurorlary belledi

23:4912.08.2020
0
21728

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda» Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, 1-nji derejeli ýurist Kakajan Kanalowiç Amanmyradow Balkan welaýatynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Ozal bu wezipede işlän ýustisiýanyň geňeşçisi Oraz Döwletgeldiýewiç Rozyýew wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýew başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Allanazar Ataýewiç Nyýazlyýew bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň