Soňky habarlar

Arhiw

Sürüjileriň sürüjilik şahadatnamasyny almagyň we yzyna gaýtarmagyň hukuk esaslary

13:5510.08.2020
1
87515

“Türkmenportalyň” redaksiýasy okyjylardan gelýän ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny çäklendirmek hem-de sürüjileri gaýtadan synaga ibermek bilen bagly bolan soraglary aýdyňlyşdyrmak maksady bilen, 08.08.2020-nji ýylda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň müdiri G.Kakajikow bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda polisiýanyň maýory G.Kakajikow, ilat üçin oňyn şertleri döretmek we ýurtda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 30.11.2019-njy ýylda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky” Kodeksine üýtgemeler hem-de goşmaçalar girizilendigi we şonuň esasynda PÝGG-nyň administratiw işlere seredýän toparlarynyň ýatyrylandygyny nygtap geçdi.

Mundan başga-da onuň bellemegine görä, häzirki wagtda ýokardaky agzalan Kodeksine laýyklykda, ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyndan çäklendirmek görnüşindäki jogapkärçilik diňe kazylar tarapyndan bellenilýändigi, gaýtadan synaga ibermek diňe ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrandygy üçin çäklendirilen sürüjiler babatda ulanylýandygy, şeýle-de ýörite hukukdan çäklendirmek käbir bidüzgünçilikli hereketler üçin göz öňünde tutulandygy, beýleki hukuk bozulmalar üçin wakanyň bolan ýerinde sürüjilere jerime salmak hakynda kararlary gowşurmaga degişlidigi, hukuk bozujylar salynan jerimeleri bellenilen tertipde töläp, sürüjilik şahadatnamalaryny olary saklan PÝGG-nyň işgärlerinden yzyna alyp bilýär.

Hormatly okyjylar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi sürüjilerden gelýän Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly bolan teklipleri we maslahatlary pygm@online.tm salga ibermekligi haýyş edýär.


Ulag serişdeleri dolandyrmak hukugyndan çäklendirmek göz öňünde tutulan hukuk bozulmalaryň sanawy

212-nji madda. Hasaba we bellige alyş kadalarynyň bozulmagy

3. Galp döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlary görnetin aýrylan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy - binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

214-nji madda. Ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan hereket tizliginiň artdyrylmagy

4. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy ‒

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

217-nji madda. Ulag serişdeleriniň ýol hereketine päsgelçilik döremegine ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň emele gelmegine getirýän toparlaýyn hereket edilmegi

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýollarda, şeýle hem şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde toparlaýyn (iki we şondan köp) hereket edilmegine gatnaşyp (şol sanda toý we beýleki dabaralar geçirilende), onuň ýol hereketine päsgelçiligiň ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getirmegi –

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

222-nji madda. Serhoş ýagdaýda ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy ýa-da olary serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga rugsat edilmegi

1. Sürüjileriň ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmagy -

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi çäresini ýerine ýetiren adam tarapyndan olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirip, on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

229-njy madda. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ygtyýarly işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerini taşlap gitmegi we gözden geçirişden geçmekden boýun gaçyrmagy

1. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak, ulag serişdelerini dolandyrmakdan çetleşdirmek hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, şeýle hem ýol-ulag hadysasyna gatnaşanlaryň bellenilen kadalary bozup, hadysanyň bolan ýerini taşlap gitmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Serhoşlygy barada güman etmäge ýeterlik esas bolan halatynda ulag serişdesini dolandyrýan adamyň bellenilen tertipde degişli lukmançylyk barlagyndan geçmekden boýun gaçyrmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

230-njy madda. Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, onuň heläkçilik çekeniň synasyna şikes ýa-da maddy taýdan düýpli zyýan ýetirmegine getirmegi

1. Ulag serişdelerini dolandyrýan adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu jebir çekeniň synasyna ýeňil şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar jebir çekeniň synasyna ortaça agyrlykda şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

2321-nji madda. Ýol hereketiniň kadalarynyň fiziki şahslar tarapyndan gaýtadan bozulmagy

Şu Kodeksiň 211-nji maddasynyň üçünji böleginde, 212-nji maddasynyň ikinji böleginde, 213-nji maddasynda, 214-nji maddasynyň üçünji böleginde, 2141-nji maddasynyň ikinji böleginde, 215-nji, 218-nji maddalarynda, 219-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 221-nji maddasynda, 223-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 226-njy maddasynda, 237-nji maddasynyň dördünji böleginde, 243-nji maddasynyň üçünji böleginde we 2431-nji maddasynda göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin on gezek administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

235-nji madda. Ulag serişdeleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň saklanyş we peýdalanyş kadalarynyň bozulmagy

2. Kärhanalara, edaralara, guramalara degişli ulag serişdeleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň betnebisli maksatlar üçin baş-başdak peýdalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna, ulag serişdelerini dolandyrýan adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
DurdYMERET ( 11.08.2020 )

Хм.походу тепер нельзя опаздывать на работу!

7