Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow Gazagystanyň «Şahtýorynyň» düzümine goşuldy

21:0406.08.2020
1
4533
Ruslan Mingazow Gazagystanyň «Şahtýorynyň» düzümine goşuldy

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Ruslan Mingazow Gazagystanyň Karaganda şäheriniň «Şahtýor» topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berdi.

28 ýaşly ýarym goragçy täze toparyna erkin oýunçy hökmünde goşuldy.

Mundan ozal Pawladoryň «Irtyşynda» oýnan Ruslan Mingazowyň toparyň maddy kynçylyklary sebäpli, ýakynda toparsyz galandygyny aýdypdyk. Ol Pawlador şäheriniň toparynda 13 duşuşykda iki gezek tapawutlandy, üç goluň hem asistini berdi.

«Men «Şahtýora» geçenim üçin örän şat. «Şahtýor» biziň maşgalamyz üçin ýat topar däl. Kakam 2001-nji ýylda bu toparyň düzüminde futbol oýnapdy. Indi şeýle mümkinçilik maňa döredildi. Berlen bu mümkinçilik üçin toparyň ýolbaşçylaryna we tälimçiler düzümine hoşallyk bildirýärin. Janköýerlerimiziň hem goldawy bilen täze-täze üstünlikleri gazanjakdygymyza ynanýaryn» diýip, türkmenistanly futbolçy gol çekilişik dabarasyndan soň aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
arslan_xo ( 07.08.2020 )

Удачи в новом клубе!!!

0