Goçguly Goçgulyýew ― üstünlikden doly futbol ýoly, ýyldyz oýunçylar we milli ýygyndydaky käbir oýunlar barada

13:5903.08.2020
1
21180

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionynyň 18 ýyllyk arakesmeden soňra, indiki ýyldan başlap, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşjakdygy belli boldy. Bu habardan soňra «Turkmenportalyň» habarçysy Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky goragçysy Goçguly Goçgulyýew bilen söhbetdeş boldy. Çünki türkmen futbolynyň dünýä beren ýyldyzlarynyň birine öwrülen goragçy AFK-nyň Çempionlar ligasynda birnäçe ýyllap oýnapdy. Onuň bilen söhbetdeşligimiz şol ýyllar bilen bagly ýatlamalardan başlady...

Goçguly Goçgulyýew 1977-nji ýylyň 26-njy maýynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde dünýä indi. Ol ýerli futbol mekdebiniň uçurymydyr. 1994-nji ýylda «Arkaç» futbol toparynyň düzüminde oýnap başlan Goçguly soňra ýurdumyzda «Nebitçi» (1995), «Büzmeýin» (1996), «Köpetdag» (1997 ― 2001) ýaly toparlaryň köýnekçesini geýdi. 10 ýyllyk daşary ýurt «syýahatynda» bolsa Gazagystanyň we Özbegistanyň dürli toparlarynda oýnap, 2011-nji ýylda dogduk mekany Balkanabatdaky «Gara altyn» toparyna goşuldy. 2012-nji ýylda bolsa futboly goýup, tälimçilik işine girişdi.

― Goçguly, «Türkmenportalyň» redaksiýasynyň adyndan bu söhbetdeşlik üçin bize wagt aýrandygyňyz üçin hoşallyk bildirýäris. Söhbetdeşligimizi futbolçylyk ýyllaryňyzy bezän üstünlikleriňiz barada ýatlamalardan başlalyň!

― Heniz daşary ýurtlara çykmankam, «Köpetdag» bilen iki gezek Türkmenistanyň çempiony bolmak başardypdy. Ýurdumyzyň futbol Kubogyny hem gazandyk. Daşary ýurt terjibäm Gazagystanyň Pawlador şäheriniň «Irtyş» futbol toparynda başlady. 2002-nji ýylda Özbegistanyň «Pahtakoryna» geçdim we topar bilen ýurduň dört gezek çempiony boldum. 2006-njy ýylda ýene Gazagystana gaýdyp geldim. Şol wagt ýurduň «Kaýrat» futbol toparyna ildeşimiz, halypa tälimçi Täçmyrat Şamakowiç Agamyradow tälim berýärdi. Maňa bir möwsüm onuň şägirdi bolmak nesip etdi. 2007-nji ýylda ýene-de Özbegistana gaýdyp geldim we 2010-njy ýyla çenli Daşkendiň «Bunýodkorynda» oýnadym. «Bunýodkor» bilen ýene üç gezek ýurduň çempiony bolmak nesip etdi.

― Umuman, Türkmenistandaky we daary ýurtlardaky toparlarda, milli ýygyndymyzda 20 ýyl töweregi futbol oýnadyňyz. Dürli tälimçileriň ýolbaşçylygynda işlediňiz. Şolaryň haýsy bilen işleşmek has çylşyrymlydy?

― Iň kyn zat oýna çykman, ätiýaçlyk oturgyjynda galmakdy. Tälimçiniň başlangyç düzümde görmezligi futbolçy üçin uly betbagtçylyk. Bu babatda men bagtly. Oýnan toparlarymyň ählisinde, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda-da, köplenç, esasy düzümde meýdana çykýardym. Munuň üçin futbolçynyň hemişe taýýar bolmagy, taktiki tabşyryklary gyşarnyksyz berjaý edip bilmegi, esasay zat bolsa, tälimçiniň sözünden çykmazlygy möhümdir. Bu zatlar, näme üçindir, meniň üçin aňsat boldy (ýylgyrýar). Tälimçilerimiň ählisine hoşallyk bildirýärin. Täçmyrat Şamakowiçe hoşallygym bolsa aýratyndyr. Ol mende tutanýerli, batyrgaý, kellesini gowy işledip bilýän goragçyny gördi. Şeýdibem, «Köpetdaga» çagyrdy. Şol döwürlerde ýurdumyzyň iň güýçli toparyna çagyrylanymda, men heniz 19 ýaşymdadym. Bu meniň üçin garaşylmadyk öwrümdi. Şol wagt «Büzmeýinde» oýnaýardym. Soňra Täçmyrat Şamakowiçiň ýolbaşçylygynda «Köpetdagda», «Irtyşda», «Kaýratda», «Pahtakorda» oýnadym. Milli ýygyndymyza baş tälimçi bolan ýyllarynda hem ol maňa uly ynam bildirdi. Täçmyrat Şamakowiç oýun wagtynda ýerinden gozganmaýar diýen ýaly. Ol ähli görkezmelerini ýa oýundan öň, ýa-da arakesmede bererdi. Bu tälimçi hökmünde onuň esasy aýratynlygy.

Bolgariýaly hüjümçi Hristo Stoiçkow, ukrainaly Andreý Şewçenko we hatda argentinaly ýyldyz Lionel Messi hem Goçgulyýew bilen başa-baş oýun pursadynda kynçylyk çekdi. Ykbal seni, gör, kimler bilen bir meýdanda synady?

Öte geçmäliň (ýylgyrýar)! Hawa, hakykatdanam, ýyldyz oýunçylar bilen bir meýdany paýlaşmak birnäçe ýola nesip etdi. 1998-nji ýylda «Köpetdag» bilen Aziýanyň çempionlar kubogynyň ýarym finalyna çykanymyzda, garşydaşymyz Saud Arabystanynyň «Al-Nasrydy». Er-Riýad şäherine gelenimizde garşydaş toparyň düzümini birnäçe daşary ýurtly futbolçylar bilen güýçlendirendigini eşitdik. 1994-nji ýylda «Altyn pökginiň» eýesi bolan bolgariýaly ýyldyz Hristo Stoiçkow hem garşydaşyň düzümindedi.

Duşuşykdan ozal baş tälimçimiz Täçmyrat Agamyradow hut bolgar futbolçysyna garşy nähili oýnamalydygym barada görkezmeleri beripdi. Şol wagt men bary-ýogy 20 ýaşymdadym. Duşuşygyň ilkinji minutlarynda tolgunsamam, soň özümi dürsedim. Duşuşyk «Al-Nasryň» peýdasyna (2:1) tamamlandy, ýöne biziň üçin hem üstünlikli oýun bolupdy. Stoiçkow bolsa biziň derwezämize 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmändi. Derwezewanymyz Ýewgeniý  (häzir Gazagystanyň «Tobolynyň» tälimçiler düzüminde) pökgini gaýtarmagy başardy.

Moskwada geçirilen Arkalaşygyň kubogynda «Altyn pökginiň» 2004-nji ýyldaky eýesi, meşhur ukrainaly ýyldyz Andreý Şewçenkonyň garşysyna oýnamak meniň üçin uly mertebe bolupdy. «Köpetdag» ýarym finalda Kiýewiň «Dinamosyndan» utulypdy.

Döwrümiziň iň gowy futbolçylarynyň biri, argentinaly Lionel Messi bilen «Barselona» ― «Bunýodkor» duşuşygynda bir meýdana çykypdyk. 1:1 hasabynda tamamlanan ýoldaşlyk duşuşygynda Messi pökgi geçirip bilmändi (ýylgyrýar).

― Oýundan soň Messi bilen köýnekçe alşypmydyňyz?

― Leo bilen däl, «Barselonanyň» merkezi goragçysy Karles Puýol bilen köýnekçe alşypdym.

― 2002-ni ýylda Braziliýanyň ýygyndysynyň hatarynda dünýä çempiony bolan ýyldyz bilen hem bir toparda çykyş edipdiňiz?

Riwaldo diýjek bolýaňyzmy? Hawa, «Altyn pökginiň» 1999-njy ýyldaky eýesi bilen «Bunýodkorda» bile çykyş edipdik. Biz onuň bilen bilelikde Özbegistanyň üç gezek çempiony bolduk.

Goçguly, futbolçy 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup bilmese, nähili duýgyny başdan geçirýär? Dünýä çempionaty ― 2010-yň saýlama tapgyrynda KHDR-nyň ýygyndysy bilen Aşgabatda geçirilen duşuşykda (2008-nji ýyl) we «Köpetdag» bilen nemesleriň «Gertasynyň» arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygynda siz bilen bagly şeýle ýagdaýlar bolupdy.

- Elbetde, beýle ýagdaýlar oýunçyny diňe bir şol duşuşygyň dowamynda däl, esli wagtlap ynjalykdan gaçyrýar. Iki ýagdaýda-da erbet gynandym. Nemes topary bilen deňme-deň (1:1) oýnadyk. Duşuşygyň soňky minutlarynda jerime urgusyny gazandyk. Derwezeçi pökginiň ugruny çaklady we dürs hereket bilen saklady. Dogry, topardaşlarym maňa göwünlik berdiler. Ýöne wyždanym razy däldi...

Koreýler bilen bolan oýundan soň bolsa has gaharym geldi. Aslynda, şikeslidim. «Bunýodkor» bilen bolan oýunda şikes alypdym, ýöne milli ýygyndynyň hataryndaky her bir duşuşyk aýratyn ähmiýete eýe. Ol söz bilen düşündirip bolmajak bagt. Şonuň üçin KHDR-niň ýygyndysy bilen bolan oýunda topardaşlarymyň ýanynda, has takygy, düzümde bolmak isledim. Onsoňam, dogduk mekana gadam goýup, ýaşyl Tuguňa gözüň düşende, ähli agyry-ünjiň ýatdan çykýan eken. Hamana, gökden goşmaça güýç berlene dönýärsiň. Oýundan öň fiziki taýýarlyk boýunça tälimçimiz bilen aýratyn tertipde türgenleşdim. Tälimçilerden meni oýna almaklaryny haýyş etdim. Aslynda, şol wagtlar milli ýygyndydaky jerime urgularynyň aglabasyny men ýerine ýetirýärdim. Şol gezek welin şowuna bolmady. Rahym Gurbanmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçilerimiziň ählisi goldady. Nätjek, ýyldyz futbolçylarda hem hemişe hemme isläni bolup duranok ahyry!

― Tejribeli futbolçy, häzirki tälimçi hökmünde ýay futbol oýnap başlan ýaşlara näme maslahat berýärsiňiz?

― Olardan tertip-düzgüne hemişe berk eýermegi haýyş edýärin. Futbolçy ― hemmäniň gözünde. Esasan hem, çagalar olary kän synlaýar. Mundan daşary, milli ýygyndymyza Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklarynda üstünlik arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
arslan_xo ( 03.08.2020 )

Отличное интервью! Приятно знать и гордиться нашими не менее известными спортсменами!!!

5